Buýsançly gadamlar, şanly ösüşler bilen başlanan täze ýylda eziz Diýarymyzy ählitaraplaýyn ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, maddy hal-ýag- daýyny öňküdenem has-da ýokarlandyrmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda türkmen halky- nyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başlanan beýik işler hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, hormatly Prezidentimiziň pähim-para- sady bilen mynasyp dowamatyna eýe bolan ilhalar, adyl tutumlar bu gün bütin dünýä ýaň salýar.
Hormatly Prezidentimiziň howandarlygynda milli yk- dysadyýetimiziň oba hojalyk toplumyny, onuň gaýtadan işleýän senagatyny, şonuň ýaly-da köpugurly hususy eýeçiligi ösdürmäge möhüm üns-ähmiýet berilmegem aýratyn bellärliklidir. Şeýle-de uly şäherleriň ýanynda täze, döwrebap şertleri bolan ýyladyşhanalary gurmak, ýylyň bütin dowamynda olaryň saz, bökdençsiz işle- megini üpjün etmek meselesi Balkan welaýatynda hem oňyn çözgüdini tapýar.
Welaýat merkezi Balkanabat şäheriniň golaýynda- ky Düzmergen ýaýlasynda ýerleşýän ýyladyşhanadaky işlerem ýokary derejede ýola goýuldy. Bu ýerde Türk- menistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň işjeň agzasy, “Altyn—Nur Zamany” hususy kärhanasynyň ýyladyşhanasynda kömelekleriň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär.
Öňdebaryjy ýyladyşhana indi 2018-nji ýyldan bäri ilatymyza hyzmat edip gelýär. Bu ýerde kömelekleri ýy- lyň islendik paslynda ösdürip ýetişdirmek üçin Hytaý, Ýaponiýa ýaly ýurtlardan getirilen kuwwatly, kämil tehnologiýalaryň güýjünden ussatlyk bilen peýdalanylýar.
Agrotehniki çärelerem awtomatlaşdyrylan usulda amala aşyrylyp, diňe hasyly ýygnap almak hem-de olary owadan gaplara gaplamak işleri hünärmenleriň el güýji bilen ýerine ýetirilýär.
—Ekologiýa taýdan arassa, ýokumly, täsin nygmat hasaplanýan kömeleklere ýurdumyzyň ak bazarlarynda, söwda nokatlarynda isleglerem barha artýar. Hut şonuň üçin hem hünärmenler alyjylaryň ösen isleglerini yzy- giderli öwrenýärler. Ýygnalyp alynýan ter kömelekleriň belli bir möçberem aýna gaplarda konserwirlenen gör- nüşde taýýarlanylýar. Ýakyn wagtda önümleri daşarky bazarlara ibermegem göz öňünde tutulýar.
Hawa, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galky- nyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna ruhubelent gadam basan balkanly tele- keçileriň bu gün işleri ileri, ümzükleri öňe. Şeýle hem “Altyn—Nur Zamany” adyny egsilmeýän hoşallyklaryň nyşany hökmünde uly guwanç bilen göterýän kärhana- nyň telekeçileri gurmak, döretmek üçin döredilip berlen ajaýyp şertlerdir mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden çy- kan alkyş, hoşallyk sözlerini beýan edýärler.
Bizem bagtyýar telekeçilerimiziň kalp buýsançlaryna goşulyp, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, bütin älem içre meşhur, tutumly işleriniň mydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Toýmämmet HAJYÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy.