Ýyllar ýyllardan zyýada gelýär. Göwünleriň gülläp, öňe uzaýan eziz Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli ýörelgeleri köňlüň namasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” goşgusyndan ugur alyp hem-de halkymyzyň erk-islegi esasynda, Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen 2024-nji ýylymyzyň “Pähim - paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi biz ýaşlary täze döredijilik başlangyçlaryna ruhlandyrdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän we badalga berilýän iri möçberli tutumly işleriň düýp özeninde ýurdumyzyň ertirki eýeleri bolan ýaş nesilleriň aladasy durýar. Türkmen halky ähli döwürlerde hem sagdyn, berk bedenli, ruhubelent, watansöýiji, kämil nesilleri kemala getirmeklige aýratyn ähmiýet beripdir. Biz muny Magtymguly Pyragynyň nesil terbiýesi bilen baglanşykly şahyrana şygyrlarynyň mysalynda hem aýdyň görýäris. Magtymgulynyň döredijiliginde ýaş nesli terbiýelemekde, edep öwretmekde ähmiýeti uly bolan garaýyşlar täsirli beýan edilýär. Şahyr il-güni sylamagy, hemmelere mylakatly bolmagy, ýagşylardan görelde almagy ündeýär. „Akyl olsaň ýagşylara hemden bol, Akmak özün nadan bilen ýar eýlär“ diýmek bilen, ýagşylyk etmegi ündeýär. Şahyr halkyň agzybirligini wasp edip, iliniň sowulmaz ýaza ulaşmagyny, ýurt binasynyň gaýym gurulmagyny, mertligi, edermenligi, Watan mukaddesligini giňden wasp edýär. Söz ynsany janly-jandardan tapawutlandyrýan närse bolup, oňa juda seresaply çemeleşmeli.“Tyg ýarasy biter, söz ýarasy bitmez“diýen nakyl hem biziň sözleýiş medeniýetinde gaty sypaly, ägä bolmalydygymyzy ýatladýar. Sözden birek-birege ýylylyk, ýakynlyk, mähribanlyk duýgusy aralaşmalydyr. Magtymguly Pyragynyň „Sözläbilseň ýagşy sözle; Halk ýamanyň bizarydyr“ diýen setirlerinde halkymyzyň ýagşy sözli bolmak medeniýeti ör-boýuna galýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, Dana Pyragynyň eserleri bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Ýurdumyzda beýik akyldar şahyryň pähim-paýhasa ýugurlan ajaýyp eserlerini içgin öwrenmekde we älem giňişliginde beýan etmekde tutanýerli işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde beýik akyldaryň şygyrlary giňden öwrenilýär, olaryň baý many–mazmuny gazet-žurnallaryň, teleradioýaýlymlarynyň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilýär. Aýratyn hem, akyldar şahyrymyzyň baryp XVIII asyrda aýdan nesihatlary, öwüt-ündewleri bu gün hem ýaşlarymyzyň uly durmuş mekdebi bolmagy dowam edýär. Magtymguly Pyragy özüniň ajaýyp şygyrlarynda türkmen halkyny birleşdirmek, halkyň agzybirligini gazanmak, Watany goramak hem söýmek, adamlaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, adalatlylyk üçin göreşmek, ynsany bezeýän ahlaklylyk, ynsanperwerlik, kanagatlylyk, gara nebse çapmazlyk, kişini ynjytmazlyk, edeplilik, sahylyk, mertlik, namartlyk, ikiýüzliligi ýigrenmek, husytlyk, zalymlyk, baýlyk, garyplyk, söýgi, maşgala wepalylyk, dünýäniň gurluşyna akyl ýetirmek, iman baýlygyny gazanmak, ykbal, takdyr ýaly juda köp meseleleri özüniň liriki gahrymanynyň keşbine örän uly ussatlyk bilen siňdirip, çeperçiligiň şirin-şerbetine ýugrup suratlandyrýar. Özüniň akyl-paýhasa ýugrulan eserleri bilen dünýä edebiýatyna mynasyp goşant goşan beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň umumadamzat nesliniň öňünde bitiren hyzmaty örän uludyr. Magtymgulynyň keşbi mertligi, batyrlygy, mukaddes Watany, ene topragy wasp eden hyjuwly şahyr, ynsanperwerligi wagyz-nesihat ediji ynsan hökmünde halkyň hakydasyna siňipdir. “Magtymguly ynsan kalbynyň ruhy lukmanydyr. Onuň şygyrlary ynjan ýüreklere em, argyn bedenlere kuwwat, sussupese ruhy ganatdyr” diýip şahyry sarpalaýan Gahryman Arkadagymyzyň özüniň ,,Älem içre at gezer”, ,,Döwlet guşy” ýaly kitaplarynda akyldaryň döredijiligi giňden beýan edilýär. Magtymguly Pyragy adamlarda ýagşy gylyk-häsiýetleri, ahlak sypatlaryny terbiýelemek bilen jemgyýetçilik gatnaşyklarynda ýüze çykýan nogsanlyklary aradan aýyrmak bolar diýen netijä gelipdir. Şonuň üçin-de ol ynsany bezeýän, ony hakyky ynsan edýän, mertebesini beýgeldýän ähli ýagşy gylyk-häsiýetler hakynda söz açypdyr. Gowy gylyk-häsiýetleriň, ahlak sypatlarynyň döwürdeşlerinde we geljekki nesillerde bolmagyny isläpdir. Akyldar şahyryň XVIII asyrdaky oý-pikirleri, pähim-paýhasy biziň şu günki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze many-mazmuna eýe bolýar. Häzirki döwrüň baş maksatnamalarynyň biri-de, Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly döwletiň , jemgyýetiň we şahsyýetiň özara sazlaşykly ösüşini hukuk taýdan kepillendirmegi, raýat jemgyýetini gurmagy we ruhy – ahlak taýdan kämil, ýokary aň – düşünjeli we beden taýdan sagdyn şahsyýeti kemala getirmegiň üpjün edilmeginden ybaratdyr. Şonuň üçin hem Milli Liderimiziň maksatnamalaýyn başlangyçlaryny yzygiderli dowam etdirýän hormatly ýurt Baştutanymyzyň alyp barýan asylly ýörelgelerinden gelip çykýan wezipelere laýyklykda häzirki wagtda kämil raýat jemgyýeti kemala gelýär. Bu bolsa XVIII asyrda ýaşan beýik söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlarynyň, öwüt- ündewleriniň Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň akyldar şahyra goýýan hormaty bu gün dünýä ýaň salýar. Türkmen halkynyň ägirdi Magtymguly Pyragynyň orny dünýä edebiýatynda hem aýratyn öwgä mynasypdyr. Bu barada gündogar halklarynyň taryhyny öwreniji alym Bartold “Türki halklaryň arasynda Magtymguly ýaly milli şahyrly halk diňe Türkmenistandyr” ýa bolmasa Professor Wamberi “Magtymgulynyň eserleriniň biziň üçin gymmatlygy onda türkmen diliniň örän sap nusgalarynyň barlygydyr” diýip şahyr barada öz garaýyşlaryny delillendirýärler. Munuň özi nusgawy şahyryň edebiýat bilen bilelikde türkmen diliniň esaslandyryjysydygyny hem dünýä subut edýär. Halkymyz 2024-nji ýylda belleniljek beýik akyldarymyzyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýuna şu günki günlerde taýýarlyk görýärler. Biz hem Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat kommitetiniň agzybir işgärleri bolup giňden belleniljek toýa öz saldamly goşandymyzy goşarys. Goý, agzybir halkyny röwşen geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli tutumlary has-da rowaçlansyn.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Tuwakgylyç Weliýew