Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

BITARAPLYK - BAKY BAGTYMYZYŇ BINÝADY!

Toýlary toýlara ulaşýan eziz Watanymyzda türkmen halkymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda guwançly sene – Garaşsyz döwletimiziň Halkara Bitaraplyk baýramyny şatlyk-şowhuna besläp uludan tutýar. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren “Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany” atly kitabynda şeýle ajaýyp jümleleri beýan edýär: “Dünýäde parahatçylygy goramagyň, halklaryň arasyndaky dostlugy berkitmegiň gözbaşlary pähim-paýhasa öwrülen çuň manyly jemgyýetçilik ýörelgelerinde jemlenýär. Mähriban Watanymyzyň Bitaraplygy dünýäde ynsanperwer oý-pikirleriň rowaçlanmagyna ygtybarly binýat döredýän syýasatdyr. Biziň Bitaraplygymyz adamzadyň gymmatly taglymatlaryny dabaralandyrýan, geljek babatdaky pähimli garaýyşlaryň esaslaryny berkidýän binýada eýedir” diýen bu çuň manyly sözler bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Bitaraplyk hukuk derejesi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Ýer ýüzünde parahatçylygy gorap saklamak, özara ynanyşmak we howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek esasynda döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça durmuşa geçirýän köptaraply işleriniň mizemez hukuk binýadydyr. Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pähim-paýhasyndan kemal tapan Bitaraplyk taglymaty ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy, ösüşi dabaralandyrýan taglymat hökmünde bütin dünýäde uly goldawa eýe bolmak bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem uly üstünliklere beslenýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda bitaraplyk ýörelgelerimizi mazmun taýdan baýlaşdyrmak, täze derejelere götermek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Bitaraplyk biziň baky bagtymyzyň binýadydyr, ähli üstünliklerimiziň gözbaşydyr, ynsanperwer ýörelgelerimiziň rowaçlanmagydyr. Ol biziň her birimiziň ruhumyzy belende göterýän, röwşen geljege ynamymyzy artdyryp, ata Watanyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna döretmäge, gurmaga, has-da döredijilikli zähmet çekmäge hyjuwlandyrýan özboluşly ruhy güýçdür. Bitaraplyk ajaýyp gymmatlykdyr, halkymyzyň nurana kalbyndan dünýäniň çar künjüne uzaýan dost-doganlyk ýollaryny ýagtyldýan şamçyragdyr. Hawa, dünýäde parahatçylygy gorap saklamakda, abadançylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekde ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatyna uly orun degişlidir. Başda-da belläp geçişimiz ýaly, türkmen Bitaraplygy parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy, ösüşi dabaralandyrýan taglymatdyr. Ol dünýä halklaryny dost-doganlyga çagyrýar. Şonuň üçinem Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan giň möçberli işler halkara jemgyýetçiligiň uly goldawyna eýe bolýar. Bitaraplyk derejämiziň ählumumy howpsuzlygy, abadançylygy üpjün etmekde uly ähmiýete eýe bolşy ýaly, ol halkymyzyň parahat, asuda, eşretli durmuşynyň hem kepilidir. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiz täze taryhy döwürde görlüp-eşidilmedik derejede özgerýär, ösýär. Şonuň netijesinde hem bu gün dünýäniň iň öňdebaryjy hem abraýly döwletleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýär. Şeýle belent mertebäniň gazanylmagynda Bitaraplyk syýasatynyň aýratyn orny bardyr. Sebäbi onuň mizemez ýörelgelerine laýyklykda, ýurdumyz dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga we giň halkara hyzmatdaşlyga esaslanýan syýasaty alyp barýar, ykdysady hyzmatdaşlygy amala aşyrýan ähli ýurtlar üçin deňhukukly, netijeli gatnaşyklaryň tarapdary bolup çykyş edýär. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan işler, badalga berilýän halkara ähmiýetli taslamalar diňe bir halkymyzyň dälde, eýsem, tutuş adamzadyň bähbitlerine gönükdirilýär. Bitarap döwlet hökmünde dünýä giňişliginde uly we döredijilikli işleri alyp barmak, umumymilli bähbitleri ileri tutýan başlangyçlary öňe sürmek, dünýäde bolup geçýän özgerişlere laýyklykda, öz wagtynda netijeli hereket etmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň özenini düzýär. Muňa halkara çärelerde Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän asylly başlangyçlary aýdyň şaýatlyk edýär. Ýangyç-energetika pudagynda, ulag ulgamynda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän teklipler täze mümkinçilikleri ýüze çykaryp, özara bähbitli gatnaşyklaryň has kämil ugurlaryny salgy berýär. “Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň esaslarynyň has-da berkidilmegine gönükdirilen işlerimizi watansöýüjiligimiz, gujur-gaýratymyz, ruhubelentligimiz bilen depginli dowam etdireris. Biz geljekde-de parahatçylyk söýüjilikli syýasatymyz esasynda dünýäniň halklary, milletleri, ýurtlary bilen dost-doganlyk ýollaryny gurarys” diýip, Hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Ol ýollar özüniň mizemezligi, nuranalygy bilen röwşen geljege uzaýar. Bitaraplyk halkymyzyň müdimilige öwrüljek bu dost-doganlyk ýollaryna şugla saçýar. Bitaraplyk taglymatyny äleme ýaýyp, ýurdumyzy parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watanyna öwren hormatly Arkadagymyza hem-de täze taryhy döwrümizde bu ýol-ýörelgäni üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkymyzyň alkyşy egsilmezdir. Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni berkden-berk tutan tutumlarynyň dowamatyny dowam etdirýän Hormatly Arkadagly Gahryman Serdar Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň uly üstünliklere we rowaçlyklara beslenmegini, belent başynyň aman, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýärin!

Aýna Saryýewa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiriniň orunbasary