Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

BEÝIK ŞAHYRYŇ GYMMATLY MIRASY

Garaşsyzlyk ýyllarynda, aýratynam, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy öwrenmekde, ony dünýä ýaýmakda ägirt uly işler durmuşa geçirildi we geçirilýär. Bu möhüm meselede Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde giň möçberli işler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Edebi mirasyna, ruhy gymmatlyklaryna sarpa goýýan halkyň geljegi aýdyňdyr. Ýokarda ýatlananlary Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna görülýän taýýarlyk çäreleri hem aýdyň äşgär edýär. Beýik şahyr Magtymguly atamyzyň soňky nesillere miras galdyran eserleri terbiýe mekdebidir. Asyrlar aşsa-da, onuň watansöýüjilige, mertlige, lebzihallalyga, ruhy-ahlak terbiýesine ýugrulan şygyrlary häzirki döwürde-de gadyr-gymmaty bilen haýran galdyrýar. Özbaşdak türkmen döwletini,türkmeniň aşynyň bir suprada taýýar-kylynmagyny arzuwlan Magtymguly atamyzyň isleg-arzuwy hasyl boldy. Garaşsyz Türkmenistanymyzyň gülläp ösýän zamanasynda nusgawy şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýuny toýlamak il-günümizde ýokary ruhubelentligi döredýär. Beýik şahyrymyzyň şygarlarynda ata Watana, ene topraga çäksiz söýgi, edep-terbiýelilige, ahlaklylyga, halal zähmete, gaýduwsyzlyga, sagdyn durmuşa, ruhubelentlige çagyryş çeper beýan edilýär. Nusgawy şahyrymyzyň eserleri dünýäniň halklarynyň ençemesiniň dillerine terjime edildi. Şonuň üçinem Magtymguly atamyzyň şygyrlary dürli ýurtlaryň okyjylaryna tanyşdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda şeýle diýdi: “Biz, nesip bolsa, geljek ýyl dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde belläp geçeris. Bu gün ykbalyny halkyň ykbaly bilen baglan şahyryň arzuw eden zamanasy geldi”. Häzirki wagtda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna taýýarlyk işleri giň gerime eýe bolýar. Munuň özi taryhy senäniň iňňän uly ähmiýetine şaýatlyk edýär. Türkmen topragyny jandan söýüp, il-güni gözümiziň göreji deý eý gören akyldar şahyrymyzyň gymmaty hiç haçan öçmejek eserleri dürli dillerde söýlüp okalýar. Magtymguly atamyzyň belent şahsyýeti, şahyryň döredijiligi Gündogaryň gadymy halklarynyň biri bolan türkmen halkynyň köpasyrlyk edebi mirasynda öçmejek yz galdyrdy. Şahyryň pähim-paýhasdan doly, çuňňur filosofiýa ýugrulan şygyrlary bahasyna ýetip bolmajak terbiýe mekdebi boldy. Ol häzirem şeýleligine galyp, geljekde-de şeýle boljakdygy şübhesizdir. Şol bir wagtda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň şygyrlary ýokary çeperçilik ussatlygy bilen aýdyň tapawutlanyp, türkmen halkynyň durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alypdyr. Şonuň üçinem şahyryň şygyrlary söýlüp okalypdyr we okalýar. Aslynda, şahyryň diňe bir türkmen halkynyň durmuşy bilen bagly meseleleri öz içine almak bilen çäklenmän, eýsem, umumadamzat meselelerine bagyşlanan filosofiki poeziýasy dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna goşulan örän gymmatly goşant bolandygyny nygtamak ýakymlydyr. Dogrusy, Magtymguly atamyzyň eserlerini okanyňda onuň köptaraplaýyn sowatly bolandygyna göz ýetirmek bolýar. Magtymguly Pyragynyň Watanyny, ene topragyny, öz halkyny jany-teni bilen söýendigini ýokarda ýatlapdyk. Ony ol özüniň eserlerinde şahyrana beýan edendigine beýik akyldaryň goşgularynyň her bir setirinde duýmak bolýar. Bir bitewi, özbaşdak, özygtyýarly döwlet bolunmagyny bütin ömrüne arzuw edip, şygyrlarynda bu arzuwyny çeper beýan edipdir. Mysal üçin, Magtymguly atamyz “Türkmeniň” atly goşgusynda Amyderýa bilen Hazaryň arasynda ýaýlyp ýatan türkmen topragynyň gözelligini göwnejaý wasp edipdir. Türkmen halkynyň aşynyň bir suprada taýýar kylynmagyny, türkmeniň tire-taýpalarynyň birleşip, bir döwlete gulluk etmeklerini arzuwlapdyr. Akyldar şahyrymyzyň mundan 300 ýyl mundan ozal arzuwlan ajap eýýamynyň Garaşsyzlyk ýyllarynda hasyl bolandygyny ýatlamak kalbyňa nur çaýýar. Çünki, bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda özbaşdaklygyň, özygtyýarlylygyň aýdyň ýoly bilen abadan geljegine barýar. Bu gün Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda il-günümiziň isleg-arzuwlary hasyl bolup, ata Watanymyz jenneti mekana öwrülýär. Türkmenistan döwletimizi dünýä tanap, halkara abraýy arşa göterilýär. Bularyň hemmesi Magtymguly atamyzyň ömürboýy arzuwlan zamanasynyň dabaralanýandygyny äşgär edýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine dolanyp gelmek bilen, onuň eserlerinde watansöýüjiligiň, mertligiň, gaýduwsyzlygyň, ene topragy gözüň göreji deý goramagyň iňňän uly orun eýeländigini ýatlamalydyrys. Bu babatda akyldar şahyrymyzyň “Depe nedir, düz nedir”, “Öňi-ardy bilinmez” we beýleki şygyrlary sözüň doly manysynda terbiýe mekdebidir. Mysal üçin, şahyryň “Gidiji bolma” goşgusy il-günüňe hyzmatly, edep-terbiýeli bolunmagynyň öwüt-nesihatyň bahasyna ýetip bolmajak mekdebidir. Şeýle hem Pyragynyň döredijiliginde belent adamkärligi terbiýelemekde möhüm orun degişli öwüt-ündew maksatly şygyrlarynyň ähmiýeti örän uludyr. Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny okanyňda onuň bütin dünýä, adamzat barada pikir öwrüp, aladalanýan, ynsana dogry ýoly salgy berýän beýik ynsandygyna göz ýetirýärsiň. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymguly Pyragynyň döredijiligine aýratyn gadyr goýýar. Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly atamyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýazan goşgusynda şeýle setirler bar. Üç asyryň dowamynda geçen ýoly uludyr, Halkynyň hem adamzadyň sadyk-sytdyh guludyr, Hemişe we hemme ýerde şol bir Magtymgulydyr, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy. Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy. Häzirki wagtda ýurdumyzda dana şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna taýýarlyk çäreleri giň gerime eýe bolýar. Şu sene mynasybetli dabaraly çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy uly toýuna partiýamyzyň Mary welaýat komitetiniň işgärleridir işjeň agzalaram ykjam taýýarlyk görýärler.

Maral Durdyýewa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüm müdiri