Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • WATANYMYZYŇ BEÝIK ÖSÜŞLERINE BAGYŞLANAN ÄHMIÝETLI MASLAHAT

    Şu gün...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BEÝIK IŞLERI – IL-GÜNÜMIZIŇ ABADANÇYLYGY

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ PARASATLY DAŞARY SYÝASATY – PARAHATÇYLYGYŇ WE ROWAÇLYGYŇ ÝOLY

    Şu gün...

  • HUSUSY TELEKEÇILIK — MILLI YKDYSADYÝETIŇ SÜTÜNI

    Türkmenistanyň...

  • ÝAŞLAR — RÖWŞEN GELJEGIMIZDIR

    Berkarar...

Ýaşlar-röwşen geljegi gurujylar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda “Dost gurluşyk, söwda, önümçilik” hojalyk jemgyýetinde “Ýaşlar-röwşen geljegi gurujylar” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

 Bu duşuşykda garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler we ýetilen sepgitler dogrusynda Türkmenistan watanymyzyň ösüşleri hem-de halkara gatnaşyklarynyň hasda berkeýänligi şeýle hem hususyýetçilerimize döredilýän mümkinçilikler dogrusynda aýdylyp geçildi. Şeýle hem, Dünýäniň tehniki ösüşi diňe öňe barýar. Ol durmuşyň ähli ugurlaryna aralaşýar. Aragatnaşygyň usullary we zähmetiň guralyşy we ýaşlaryň boş wagtlaryny işjeň peýdalanmagyň görnüşlerini ugrunda bellenildi. Döwür bilen aýakdaş gitmek üçin türkmen hünärmenleri Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyny ýerine ýetirmek bilen, öz hususy sanly nusgasyny döretmäge ugur alyp, öňdebaryjy tejribeleri, oňyn amalyýetleri öwrenýärler we özleşdirýärler. Häzirki wagtda “san” bilen baglanyşykly iň bir çalt we düýpli özgertmeler söwda-da, habar beriş serişdelerinde, ähli pudaklarda bolup geçýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar ýaşlar nesillerimiz barada uly aladalary edýän, giň şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarmyza uzak ömür, saglyk arzuw etdiler.

TSTP