Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ BINÝADY
    Şu gün...
  • BITARAPLYK GÜNI – HALKARA PARAHATÇYLYGYŇ, HOWPSUZLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BAÝRAMY

    Golaýda...

  • BITARAPLYK BAÝRAMY – PARAHATLYK AÝDYMY

    Şu gün...

  • DOGANLYK HALKLARYŇ ARASYNDA STRATEGIK HYZMATDAŞLYK

    Şu gün...

  • GELJEKKI TELEKEÇILER ÖNÜMÇILIK KÄRHANALARYNYŇ IŞI BILEN TANYŞDYRYLDY

    Hormatly...

Milli mirasymyza sarpa

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Telekeçi H.Döwranowanyň tikinçilik kärhanasynda “Milli mirasymyza sarpa” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda asuda parahat Watanymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan telekeçilik işleri bilen meşgullanýan zenanlarymyza, hususanda biziň milli mirasymyz bolan nepis el işleriniň önümçiligini gurnap, olary sünnäläp öndürýän telekeçilerimize uly goldawlar berilýär. Türkmen zenanlarynyň el işlerini diňe öz ýurdumyzda däl-de eýsem daşary ýurtlarda hem tanatmagy üçin sergileri gurnalýar.

Ýurdumyzda öňe sürülýän gender deňliginiň kadalaryna laýyklykda zähmetkeş zenanlarymyzyň hak-hukuklaryna uly üns berilýär. Bu ugurda telekeçileriň işini kämilleşdirmek we telekeçilik işini dünýä standartlarynyň talaplaryna görä ösdürmekde ýurdumyzyň zenan telekeçileriniň hem hyzmatlary sanardan kändir. Türkmeniň taryhyna ser salsak esasy maşgala ojagynyň eýesi, ýanýoldaşynyň ýakyn syrdaşy, maslahatçysy bolan zenanlarymyzyň hem gerçek goç ýigitler bilen deň hatarda durmuşyň ähli bökdençlerine, kynçylyklaryna döz gelip, edermenlik bilen ýeňip geçipdirler. Oňa mysal edip taryhda uly yz galdyran Altynjanhatyn, Agaýunus peri, Güljemal han we elbetde,  Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat eje ýaly edermen zenanlarymyzyň atlaryny agzasak ýerlikli bolar. Maşgala mukaddesliginiň gymmaty, türkmeniň däp-dessurlary we başga-da birnäçe terbiýeçilik ähmiýetli meseleler barada giňişleýin gürrüň edildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmen halkynyň Milli Lideri  Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyz üçin döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.  

TSTP