Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AZYK BOLÇULYGYNY BERKITMEKDE HUSUSY PUDAGYŇ GOŞANDY

    Türkmenistanyň...

  • WATANYMYZYŇ BEÝIK ÖSÜŞLERINE BAGYŞLANAN ÄHMIÝETLI MASLAHAT

    Şu gün...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BEÝIK IŞLERI – IL-GÜNÜMIZIŇ ABADANÇYLYGY

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ PARASATLY DAŞARY SYÝASATY – PARAHATÇYLYGYŇ WE ROWAÇLYGYŇ ÝOLY

    Şu gün...

  • HUSUSY TELEKEÇILIK — MILLI YKDYSADYÝETIŇ SÜTÜNI

    Türkmenistanyň...

Bagtyýarlyga beslenen edermen ýaşlar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda talyp ýaşlaryň we partiýanyň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda “Bagtyýarlyga beslenen edermen ýaşlar” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.   

         Duşuşykda çykyş edenler Türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bolup geçýän halk bähbitli özgertmeler, ýaşlaryň ýagty gelejegi ugrunda edilýän atalyk aladalary, ýaşlaryň ylymly-bilimli, ýiti zehinli, döredijilikli bolmaklary barada täsirli gürrüňler etdiler. 

Duşuşyga gatnaşyjy mundan beýläkde bedew bady bilen ösýän ýurdumyzyň batly ösüşine öz goşantlaryny goşjakdyklaryny nygtady. Hormatly Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza Okamak, halal zähmet çekmek üçin döredip berýän ähli mümkinçiliklerine öz hoşallyklaryny  we alkyş sözlerini aýtdylar.

TSTP