Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

Gahryman Arkadagymyzyň halkara diplomatiýasy: ählumumy ösüşiň we abadançylygyň hatyrasyna

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mejlisler jaýynda “Gahryman Arkadagymyzyň halkara diplomatiýasy: ählumumy ösüşiň we abadançylygyň hatyrasyna” atly maslahat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli parlamentiň häzirki döwürde ýerine ýetirýän işleriniň netijelerine, ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasatyna we parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça uly aladalar edýändigi barada aýdyldy. Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bitaraplyk hukuk derejesine ygrarly bolan ata Watanymyzyň halkara derejede abraýynyň barha artýandygyny belläp, Türkmenistanyň sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak, döwletara gatnaşyklarda hyzmatdaşlygy berkitmek babatda halkara ähmiýetli tagallalary durmuşa geçirýändigini aýtdylar. Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli daşary syýasy strategiýasyna laýyklykda, parlament diplomatiýasynyň netijeli gurallaryny we usullaryny ösdürmäge, dostlukly ýurtlaryň degişli düzümleri bilen hyzmatdaşlygy netijeli alyp barmaga uly ähmiýet berilýär. Hormatly Arkadagymyz parlamentara gatnaşyklary ösdürmek boýunça täze başlangyçlary öňe sürmegiň, parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belläp, özara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny kesgitlemek, şol sanda parlamentara gatnaşyklaryň ugurlaryny artdyrmak, olary netijeli ulanmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini nygtaýar. Duşuşyga gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny we parahat, asuda ýurdumyzda tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler!

TSTP