Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AWAZA FORUMY – ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BADALGASY

    Golaýda...

  • HALK BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

    Şu...

  • DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

    Şu...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞINIŇ, KUWWATYNYŇ GÖZBAŞY

    Ýakynda...

Halk Maslahaty – türkmeniň döwletlilik ýoly

2023-nji ýylyň 26-njy awgustynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda “Hyzmat merkezi” hojalyk jemgyýetinde “Halk Maslahaty – türkmeniň döwletlilik ýoly” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. 

Duşuşykda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi hem-de alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy we jemgyýetçilik ähmiýeti barada şeýle-de ýaýbaňlandyrmak bilen bagly işler alnyp barylýar diýip çykyşlarda belläp geçdiler. 

Häzirki bagtyýar döwürde her bir işde ýaşululara geňeşmek, ony maslahatlaşyp çözmek ýaly asylly däpler Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Halkymyzyň gadymdan gelýän gymmatlyklaryny dikeltmek barada alnyp barylýan ýadawsyz işleriň netijesinde häzir bu hakyky demokratik ýörelge ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda öz mynasyp ornuny eýeleýär. Munuň özi agzybir halkymyzyň ata-babalarymyzyň parasatly pähimlerine ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmeniň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

TSTP