Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar – özgertmeleriň we rowaçlyklaryň ýoly bilen

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Türkmenabat şäheriniň 1-nji hünärment mekdebiniň talyp ýaşlaryň we bilim işgärleriň gatnaşmagynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar – özgertmeleriň we rowaçlyklaryň ýoly bilen” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler Halkyň Milli Lideriniň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda dabaraly bellenilip geçilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni, ýaşlaryň ýagty gelejegi ugrunda edilýän atalyk aladalar, ýaşlaryň ylymly-bilimli, ýiti zehinli, döredijilikli bolmaklary barada täsirli gürrüňler etdiler. Duşuşyga gatnaşyjylar mundan beýläkde bedew bady bilen ösýän ýurdumyzyň batly ösüşine öz goşantlaryny goşjakdyklaryny nygtady. Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza okamak üçin döredip beren mümkinçiliklerine öz hoşallygyny we alkyş sözlerini aýtdylar. Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP