Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AGZYBIRLIGIŇ WE DÖWLETLILIGIŇ AÝDYŇ BEÝANY
    Şu gün...
  • AGZYBIRLIGIŇ –– DÖWLETLILIGIŇ WE ROWAÇLYGYŇ GÖZBAŞY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKA
    Şu gün...
  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY- HALKYMYZY GALKYNDYRÝAR
    Golaýda...
  • GARAŞSYZLYK GÜNI MILLI BAÝRAMLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR
    Şu gün...

Türkmenistanyň Halk Maslahaty Ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelge

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň telekeçiler mekdebiniň welaýat bölüminiň diňleýjileriniň arasynda “Türkmenistanyň Halk Maslahaty Ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelge” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýurdumyzyň kanun çykaryjylyk ulgamyndaky eýeleýän möhüm orny dogrusynda belläp geçdiler. Şeýle-de şu ýylyň 24-nji sentýabrynda Paýtagtymyzy Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýurdumyzyň geljekki ösüşindäki ähmiýeti hakynda giňişleýin bellenilip geçildi. Şeýle-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda telekeçilerine işlemek we döretmek üçin döredip berlen amatly şertler we bu ugurda ýetilen uly sepgitler barada buýsanç bilen durlup geçildi. Duşuşyga gatnaşanlar Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyz, halkymyz üçin edýän taýsyz tagallalaryna köp sagbolsun aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP