Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AZYK BOLÇULYGYNY BERKITMEKDE HUSUSY PUDAGYŇ GOŞANDY

    Türkmenistanyň...

  • WATANYMYZYŇ BEÝIK ÖSÜŞLERINE BAGYŞLANAN ÄHMIÝETLI MASLAHAT

    Şu gün...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BEÝIK IŞLERI – IL-GÜNÜMIZIŇ ABADANÇYLYGY

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ PARASATLY DAŞARY SYÝASATY – PARAHATÇYLYGYŇ WE ROWAÇLYGYŇ ÝOLY

    Şu gün...

  • HUSUSY TELEKEÇILIK — MILLI YKDYSADYÝETIŇ SÜTÜNI

    Türkmenistanyň...

Arzuwlan döwrüň geldi Pyragy

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Lebap welaýat telekeçiler mekdebinde beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň şygryýet älemine bagyşlanan wagyz-nesihat, döredijilik duşuşygy geçirildi. Geçirilen döredijilik duşuşygynda Beýik akyldar şahyr, gündogaryň beýik pelsepeçisi Magtymguly Pyragynyň goşgylary okaldy. Ýurdumyzda beýik şahyryň 300 ýyllygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylýan giň gerimli çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada durlup geçildi. Şeýle-de Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda günsaýyn kämilleşdirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meseleleri barada hem gürrüňler edildi. Duşuşygyň ahyrynda ýygnaga gatnaşyjylar Hormatly Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza halal zähmet çekmek üçin döredip beren mümkinçiliklerine öz hoşallygyny we alkyş sözlerini aýtdylar. Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP