Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

Tanyşdyrylyş dabarasy

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Lebap welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan täze goşgysynyň tanyşdyrylyş dabarasynda dowamynda uly çeperçilik bilen ýazylan goşgynyň her-bir setirinde gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň belent waspynyň ussatlyk bilen ýetirilendigi barada buýsançly bellenilip geçildi. Ussatlyk bilen ýazlan goşgynyň her-bir ymgyr manyly jümleleriniň üstünde durlup geçildi. Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýuna taýýarlyk günlerinde şeýle ajaýyp goşgyny halkymyza sowgat bermek bilen Gahryman Arkadagymyz ýene bir gezek özüniň ähli ugurlar boýunça halkymyza halypalyk mekdebidigini subut etdi. Dabaranyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň şeýle ajaýyp goşgyny bize, türkmen halkyna peşgeş bermeginiň uly buýsançdygy barada bellenildi. Dabara gatnaşyjylar Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Arkadagly Serdarymyzyň halkyň bagtly we abadan durmuşda ýaşamagyna döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

TSTP