Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Nesilleriň saglygy halkyň bagtyýarlygy

2023-nji ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda “Dost gurluşyk söwda, önümçilik” hojalyk jemgyýetinde “Nesilleriň saglygy halkyň bagtyýarlygy” atly wagyz-nesihat düşündiriş çäresi geçirildi. Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, ýaşlaryň zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanyp, berk bedenli, sagdyn ruhly, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetleri kemala getirmek, halkymyzyň bagtyýar geljeginiň berk binýadyny goýmak ugrunda nesilleriň arasynda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ýaýbaňlandyryp, ýokary netijeli sporty ösdürmek Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda dünýäde ynsan saglygyna we jemgyýete ýaramaz täsir edýän närseleriň arasynda temmäki esasy orny eýeleýär. Adam bedeninde temmäkiniň zäherleýji maddalarynyň täsir etmeýän agzasy ýokdur. Temmäki tüssesi arkaly bedene yzygiderli düşýän zäherli maddalar dem alyş ýollarynda, öýkende, ýürekde, nerw ulgamynda kem-kemden näsazlyklaryň, soňlugy bilen bolsa, howply keselleriň döremegine alyp barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygyna zyýanly täsir edýän närselerden jemgyýetimizi gorap saklamak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2011-nji ýylda Türkmenistan temmäkiniň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça borçnamalary öz üstüne alyp, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna goşuldy. 2013-nji ýylyň dekabrynda “Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Geçen ýyl bolsa “Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Türkmenistanda temmäkä garşy alnyp barylýan toplumlaýyn çäreleriň durmuşa ornaşdyrylmagynyň oňyn netijeleri halkara derejesinde ykrar edilýär. Bu işleriň ählisiniň sakasynda duran Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.

TSTP