Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AZYK BOLÇULYGYNY BERKITMEKDE HUSUSY PUDAGYŇ GOŞANDY

    Türkmenistanyň...

  • WATANYMYZYŇ BEÝIK ÖSÜŞLERINE BAGYŞLANAN ÄHMIÝETLI MASLAHAT

    Şu gün...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BEÝIK IŞLERI – IL-GÜNÜMIZIŇ ABADANÇYLYGY

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ PARASATLY DAŞARY SYÝASATY – PARAHATÇYLYGYŇ WE ROWAÇLYGYŇ ÝOLY

    Şu gün...

  • HUSUSY TELEKEÇILIK — MILLI YKDYSADYÝETIŇ SÜTÜNI

    Türkmenistanyň...

Arkadag Serdarly bagtyýar nesiller

2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň hem-de welaýat çagalar kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “Arkadag Serdarly bagtyýar nesiller” atly baýramçylyk çäresi geçirildi. Geçirilen çärede asuda asmanly diýarymyzda abadan durmuşda ýaşaýan şadyýan çagalar Lebap welaýat çagalar kitaphanasynyň işgärleri tarapyndan gurnalan Türkmen halk ertekileriniň esasynda düzülen gurjak sahnalaryna tomaşa etdiler. Çäräniň dowamynda körpeje çagalar “Lebap” söwda we dynç alyş merkeziniň çagalar üçin oýun meýdançasynda wagtlaryny hoş geçirdiler. Çärä gatnaşan körpeje nesillerimize welaýat partiýa komiteti tarapyndan sowgatlar gowşuryldy. Ýüzleri şatlykdan, kalplary buýsançdan doly körpeler ýatdan çykmajak çärelere beslenen Çagalary goramagyň halkara gününde özleri barada alada edýän Hormatly Prezidentimize, Türkmeniň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdyp, Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP