Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Halkyň öçmez çyragy, beýik ussat Pyragy

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda Telekeçi O.Muhammetnyýazowyň önümçilik kärhanasynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli “Halkyň öçmez çyragy, beýik ussat Pyragy” atly düşündiriş-wagyz çäresi geçirildi. Magtymguly Pyragynyň döredijiligine salgylanmak, onuň syrly setirlerine düşünmek, aýdan dürden gymmatly jümlelerini ýol-ýörelge edinmek halkymyzyň asyrdan-asyra geçip gelýän adatyna öwrüldi. Şonuň netijesinde şahyryň goşgy setirleri halkymyzyň arasynda atalar sözüne, nakyla hem-de akyla öwrülip ýaşap gelýär. Şahyr öz şygyrlarynda adamlary agzybirlige, dostluga çagyrypdyr. Umumadamzat ähmiýetli dostluk düşünjesini şahyryň döredijiliginde esasy çelgi hasaplamak mümkin. Türkmen häsiýetine mahsus dosta wepalylyk, agzybirlik, bir sözlülik, ygrarlylyk ýaly keşpler akyldar şahyryň öwüt-nesihat häsiýetli şygyrlarynyň süňňüni düzýär. Olarda dostlugyň üsti bilen adam sypatlarynyň iň bir kämil taraplary beýan edilýär. Şahyryň: “Dost işiňe hoş wagt” diýip ýazmagy-da, belki-de, şolardan gelip çykýandyr. Şahyryň döredijiligi hakynda Gahryman Arkadagymyz: “Magtymgulynyň şygyrlarynyň döwürler dolanyp, heňňamlar öwrülse­de, öz gymmatyny ýitirmän, eýsem, gadyrynyň artmagy ondaky öwüt­ündewleriň kalbyňa melhem bolup siňýänligindendir, göwünleri ganatlandyrmagyndandyr, adamlary heýjana getirmegindendir” diýip belleýär. Häzirki wagtda şahyryň 2024­nji ýylda uly dabara bilen belleniljek 300 ýyllygyna uly ähmiýet berilýär. TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan geljek 2024­nji ýylyň “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýlip yglan edilmegide, şahyryň edebi mirasynyň, dana paýhasynyň dünýä edebiýatynda aýratyn orun alandygyny alamatlandyrýar. Bu bolsa şahyryň milli döredijiliginiň içgin syrlaryny öwrenmäge we okyjylara ýetirmäge uly mümkin çilikdir. Şeýle uly mümkinçilikleriň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, döwletli tutumlary rowaçlyklara beslensin.

TSTP