Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AWAZA FORUMY – ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BADALGASY

    Golaýda...

  • HALK BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

    Şu...

  • DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

    Şu...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞINIŇ, KUWWATYNYŇ GÖZBAŞY

    Ýakynda...

Döwletli döwranda belentdir başlar - Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar

2023-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň bilelikde   gurnamagynda welaýat kitaphanasynyň mejlisler jaýynda “Döwletli döwranda belentdir başlar - Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” atly wagyz-nesihat duşuşygy  geçirildi.

Her ýyla mynasyp at berilmegi ýurdumyzda däbe öwrüldi. Egsilmez eşretleriň hözirini görüp ýaşaýan mähriban halkymyz täze ýyly ýagşy umytlardyr,  ak arzuwlar bilen garşy aldy. 

Arkadagly Serdarymyz “Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde belent maksatlary goýduk. Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek wezipelerini öňe sürdük. Şu belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys” diýip, ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmagy, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagy, döwrebap bilim almaklaryny üpjün etmegi, ýaş nesilleri watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemegi häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitledi. 

Goý, bu ýyl Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar bilen baglanyşykly iň bir şan-şöhratly ýyllaryň biri bolsun!. 

Maslahata gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar. 

TSTP