Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Arkadagly Serdar  bilen ýaşlar ösüşlere tarap

2023-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara binasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komiteti tarapyndan 2023-nji ýyla “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly diýip atlandyrylmagy mynasybetli “Arkadagly Serdar  bilen ýaşlar ösüşlere tarap” atly maslahat geçirildi. 

Çykyşlarda Ber­ka­rar Wa­ta­ny­myz­da her bir ýy­ly my­na­syp şy­gar­lar bi­len at­lan­dyr­mak we şöh­rat­ly ýyl­la­ry ösüş-öz­gert­mele­re bes­le­mek asyl­ly dä­be öw­rül­di. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­ründe ýag­şy-ar­zuw­lar bi­len gar­şy­la­nan tä­ze — 2023-nji ýy­lyň “Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly” diý­lip at­lan­dy­ryl­ma­gy hem jemgy­ýe­ti­miz­de ýo­ka­ry ru­hy gö­te­ri­liş ala­ma­ty­ny dö­ret­di. Bu buý­sanç­ly ha­bar biziň toý şat­ly­gy­my­zy go­şa­lan­dyr­dy. Mil­li Ge­ňe­şi­niň Mej­li­si­niň 2023-nji ýy­ly «Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­tyýar ýaş­lar ýy­ly» di­ýip yg­lan et­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly Ka­ra­ry­nyň ta­ry­hy äh­mi­ýe­ti dog­ru­syn­da buý­sanç­ly gür­rüň edil­di. 2023-nji ýy­lyň şy­ga­ry­nyň ýaş­la­ra bil­diril­ýän be­lent yna­myň, olar hak­da edil­ýän ala­da­nyň ýü­ze çyk­ma­sy­dy­gy­ny, bu şy­garyň wa­tan­çy­lyk ru­hu­ny be­len­de gö­te­ren­di­gi­ni, dö­re­di­ji­lik­li we ne­ti­je­li iş­le­mä­ge, dö­ret­mäge, şan­ly ýy­ly uly üs­tün­lik­le­re bes­le­mä­ge hy­juw dö­re­den­di­gi­ni nyg­ta­dy­lar. Maslahatda ýaş­la­ryň döw­re­bap bi­lim al­ma­gy, hü­när öw­ren­me­gi, äh­li ta­rap­laýyn saz­la­şykly ös­me­gi ug­run­da taý­syz ta­galla­la­ry ed­ýän Gah­ry­man ­Ar­ka­da­gy­my­zyň we ­Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň ady­na päk ýü­rek­den çyk­ýan al­kyş­la­ry­ny aýt­dy­lar.

TSTP