Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AGZYBIRLIGIŇ WE DÖWLETLILIGIŇ AÝDYŇ BEÝANY
    Şu gün...
  • AGZYBIRLIGIŇ –– DÖWLETLILIGIŇ WE ROWAÇLYGYŇ GÖZBAŞY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKA
    Şu gün...
  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY- HALKYMYZY GALKYNDYRÝAR
    Golaýda...
  • GARAŞSYZLYK GÜNI MILLI BAÝRAMLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR
    Şu gün...

Maslahat geçirildi

2022-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň hasabat-saýlaw maslahaty geçirildi. 

Çykyş edenler: “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edilen, bu göwün göteriji şygar astynda geçýän 2022-nji ýyl türkmen taryhyna altyn harplar bilen ýazylyp. Bu ýyl şanly wakalaryň, dabaraly açylyşlaryň, halkara derejedäki forumlaryň, maslahatlaryň, sergileriň köp sanlysynyň geçirilmeginde ýatdan çykmajak wakalara baý boldy. 

Bu ýylda welaýatymyzyň telekeçileri hem uly ruhubelentlik bilen zähmet çekip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň deňsiz-taýsyz ösüşlerine gönükdirilen, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmek maksady bilen kabul eden döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşantlaryny goşdylar.

Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýyny has-da ýokary götermekde, halkymyzyň parahatçylykda we abadançylykda, eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda uly alada edýän, telekeçileriň işine uly itergi berýän Arkadagly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan işleri elmydama rowaç bolsun!

TSTP