Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

Dost-doganlyk hyzmatdaşlygy asudalygyň we parahatçylygyň aýdyň subutnamasydyr

2022-nji ýylyň 26-njy noýabrynda “Ýedi dogan” haryt nyşanly kagyz gaplamalary öndürýän kärhanasynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasaty netijesinde dünýä ýurtlary we halklary bilen ýola goýlan dost-doganlyk gatnaşyklary netijesinde, ýurdumyza goýulýan sarpa, özara hyzmatdaşlyklar milli ykdysadyýetimiziň aýrylmaz bölegine öwrülmegi we dünýä ýurtlary bilen syýasy, ykdysady, medeni, ylym, bilim, söwda  we beýleki pudaklar boýunça hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy mynasybetli “Dost-doganlyk hyzmatdaşlygy asudalygyň we parahatçylygyň aýdyň subutnamasydyr” atly maslahatyny geçirildi. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän parahatçylyk söýüjilik, açyklyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasat strategiýasy özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň we netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmegine gönüden-göni ýardam berýär. Arkadagly Serdarymyz geljek üçin esasy wezipeleri kesgitläp, ýurdumyzyň içerki durnuklylygy hem-de syýasy ulgamyň mäkämligi, döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna demokratik ýörelgeleri tapgyrlaýyn ornaşdyrmagy bilen tapawutlanýandygyny belläp geçýär. Bu bolsa dünýä giňişliginde onuň eýeleýän ygtybarly ýörelgelerini, daşary ýurtlar bilen deňhukukly gatnaşyklaryny şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz  halkara meseleleriniň çözülmeginde hem ýer ýüzüniň ençeme döwletleri bilen gatnaşyklarymyzy yzygiderli ösdürip gelýär diýip bellediler.

Maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

TSTP