Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Hormatly Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň XIV jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabyň täze XIV jildiniň neşir edilmegi Hormatly Arkadagymyzyň Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine we tutuş halkymyza özboluşly sowgady boldy. Kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda birleşmäniň welaýaty boýunça bölüminiň mejlisler jaýynda geçirildi.
Täze neşiriň tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň agzalary, Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. 
Çykyş edenler Hormatly Arkadagymyzyň 2009-njy ýylda başyny başlan ylmy işiniň dowamy bolan täze kitabyň aýratyn ähmiýetini bellediler. Bu düýpli ylmy işiň esasynda Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň hem-de “tebigy dermanhana” yzygiderli ýüzlenýän türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribesiniň bardygyny bellediler.
Kitabyň sahypalarynda dermanlyk ösümlikleriň, şol sanda belli bir ýerlerde duş gelýän ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda ulanmagyň mümkinçilikleri jikme-jik beýan edilen. 
Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda türkmen topragynda ösýän, asyrlaryň dowamynda dürli keselleri bejermek üçin netijeli ulanylýan ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri barada bellenilip geçildi.  Oňa gatnaşyjylar Hormatly Arkadagymyza halkymyzyň saglygyny goramaga berilýän ägirt uly üns hem-de olaryň bagtly we abadan durmuşda ýaşamagyna döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

TSTP