Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AGZYBIRLIGIŇ WE DÖWLETLILIGIŇ AÝDYŇ BEÝANY
    Şu gün...
  • AGZYBIRLIGIŇ –– DÖWLETLILIGIŇ WE ROWAÇLYGYŇ GÖZBAŞY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKA
    Şu gün...
  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY- HALKYMYZY GALKYNDYRÝAR
    Golaýda...
  • GARAŞSYZLYK GÜNI MILLI BAÝRAMLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR
    Şu gün...

Garaşsyzlyk toýuna beslenen diýarym

2022-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda “Lebap” toý mekanynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Lebap welaýaty boýunça bölüminiň bilelikde gurnamagynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli “Garaşsyzlyk toýuna beslenen diýarym” atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

       Baýramçylyk çäresinde welaýatymyzyň medeniýet müdirliginiň aýdym-saz we tans toparlary parahat watanymyzy we Arkadagly Serdarymyzy wasp edýän aýdym-sazlary we tanslary bilen çykyş etdiler. Çärede gutlag sözi bilen çykyş edilip, “Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy” ýylyn­da ýur­du­my­zyň äh­li pu­dak­la­ry bilen bilelikde  hususy ulgamyň hem ösýändigini buýsanç bilen bellediler. 

       Şeýle-de maslahatyň dowamynda welaýatymyzyň öňde baryjy, işjeň agzalaryny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komiteti tarapyndan Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.  Baýramçylyk çäresine gatnaşanlar şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar hem-de janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler. 

TSTP