Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AGZYBIRLIGIŇ WE DÖWLETLILIGIŇ AÝDYŇ BEÝANY
    Şu gün...
  • AGZYBIRLIGIŇ –– DÖWLETLILIGIŇ WE ROWAÇLYGYŇ GÖZBAŞY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKA
    Şu gün...
  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY- HALKYMYZY GALKYNDYRÝAR
    Golaýda...
  • GARAŞSYZLYK GÜNI MILLI BAÝRAMLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR
    Şu gün...

Zehinli ýaşlar gelejegiň kepili

2022-nji ýylyň 3-nji awgustynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Telekeçiler mekdebine gatnaýan ýaş, diňleýjileriň arasynda ýaşlarymyzyň zehinli we bilimli bolmagy hem-de geljekde ata-Watanymyza diňe oňyn netijeleri gazanyp öňe gitmegi üçin ähli zerur çäreleri görmek maksady bilen “Zehinli ýaşlar gelejegiň kepili” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zehinli ýaşlarmyz bizi guwandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýaňy-ýakynda Telekeçiler institutynyň düýbi tutuldy, bu bolsa ýaş nesiller üçin edilýän aladanyň kepilidir. Berkarar Watanymyzyň ähliumumy ösüşleri we ylym ulgamynyň gurluşy, ýurdumyzyň ylymda-bilimde gazanýan ösüşleri, täze innowasiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak üçin alnyp barylýan işler barada belläp geçdiler. Oňa gatnaşanlar Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny we il-ýurt bähbitli, durmuş ähmiýetli alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

TSTP