Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ BINÝADY
    Şu gün...
  • BITARAPLYK GÜNI – HALKARA PARAHATÇYLYGYŇ, HOWPSUZLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BAÝRAMY

    Golaýda...

  • BITARAPLYK BAÝRAMY – PARAHATLYK AÝDYMY

    Şu gün...

  • DOGANLYK HALKLARYŇ ARASYNDA STRATEGIK HYZMATDAŞLYK

    Şu gün...

  • GELJEKKI TELEKEÇILER ÖNÜMÇILIK KÄRHANALARYNYŇ IŞI BILEN TANYŞDYRYLDY

    Hormatly...

Medeniýet, saz-sungat nesillerimize miras

  2022-nji  ýylyň 14-nji  iýulynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde ata-babalarymyzyň ajaýyp sungat däplerini ösdürmek we gadymy saz gurallarmyzyň köp öwüşginli görnüşlerini dikeldip, geljek nesillerimize ýetirmek maksady bilen, “Medeniýet, saz-sungat nesillerimize miras” atly duşuşyk geçirildi. 

           Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň saýasynda milli medeniýet ulgamy ösüşlere eýe bolýar, medeniýet ulgamyna aýratyn üns berilýär. Mil­li me­de­ni­ýet hal­kyň ýü­zü­niň tu­wa­gy­dyr, ruhy baý­ly­gy­dyr. Hor­mat­ly Prezidenti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýakynda ýurdumyzyň Ma­ry we­la­ýa­tynda ge­çi­ri­len Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi watan­daş­la­ry­my­zyň her bi­rin­de ýa­kym­ly duý­gu­la­ry dö­ret­di. Ýur­du­my­zyň beý­le­ki kün­jek­le­rin­de ýer­leş­ýän ta­ry­hy-me­de­ni ojak­lar bi­len bir­lik­de, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da ýer­leş­ýän “Ga­dy­my Merw” taryhy-me­de­ni döw­let go­rag­ha­na­sy, Go­ňur­de­pe, Daň­da­na­kan we beý­le­ki bir­nä­çe ta­ry­hy ýa­dy­gärlik­ler wa­tan­daş­la­ry­my­zy we dün­ýä sy­ýa­hat­çy­la­ry­ny özü­ne çek­ýär. Şeý­le ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­ler türk­men me­de­ni­ýe­ti­niň ösen dö­wür­le­rin­den habar ber­ýär hem-de bu ba­bat­da bu gün al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň örän äh­miýet­li­di­gi­ni äş­gär ed­ýär. Hal­ky­my­zyň me­de­ni­ýe­ti, sun­ga­ty, halk dö­re­di­ji­li­gi nesil­ler ta­ra­pyn­dan aýaw­ly sakla­nyl­ýar we baý­laş­dy­ryl­ýar. Türkmen halkynyň medeniýeti,  sungaty öz köklerini gadymy döwürlerden alyp gaýdýar Bu ajaýyp medeniýetimizi, däp dessurlarymyzy geljek nesillerimize ýetirmek her birimiziň borjumyzdyr belläp geçdiler. Oňa gatnaşanlar Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP