Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ BINÝADY
    Şu gün...
  • BITARAPLYK GÜNI – HALKARA PARAHATÇYLYGYŇ, HOWPSUZLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BAÝRAMY

    Golaýda...

  • BITARAPLYK BAÝRAMY – PARAHATLYK AÝDYMY

    Şu gün...

  • DOGANLYK HALKLARYŇ ARASYNDA STRATEGIK HYZMATDAŞLYK

    Şu gün...

  • GELJEKKI TELEKEÇILER ÖNÜMÇILIK KÄRHANALARYNYŇ IŞI BILEN TANYŞDYRYLDY

    Hormatly...

Sanly ykdysadyýet-geljegiň ygtybarly binýady

         2022-nji  ýylyň 26-njy  maýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat  agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde ylym ulgamyny kämilleşdirmek üçin maksatnamalarda göz öňünde tutulan çäreleri amala aşyrmak arkaly milli ykdysadyýetimizde ylmyň, tehnologiýalaryň we sanly innowasiýalaryň ornuny ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek maksady bilen, “Sanly ykdysadyýet-geljegiň ygtybarly binýady” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.    

           Çykyş eden öz çykyşynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat  orta hünär okuw mekdebini tamamlaýan talyplaryň arasynda hem telekeçilik işine höwes bildirýän ýaşlaryň köpdügini aýdyp, ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň saýasynda häzirki  döwürde innowasion tehnologiýalaryň, ylmy gazananlaryň, sanly maglumatlaryň gündelik durmuşymyza giňden ornaşýandygy. Bu bolsa ähli ugurlarda işleriň ýeňilleşmegine, çaltlaşmagyna amatly şertler döredýär. Häzirki wagtda biziň telekeçilerimiz iň täze, innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen önümçilik kärhanalarynda işläp, ýokary hilli,  importuň ornuny tutýan önümleri öndürýärler. Geçirilýän  sergilere, işewür maslahatlaryna gatnaşyp, türkmen önüm  öndürijileriniň dünýä meşhurlygyny gazanýarlar diýip belläp geçdiler hem-de halkymyzyň asuda, parahat, bolelin ýaşamagy ugrunda uly alada edýän  Hormatly Prezidentimiziň  jany sag, ömri uzak, tutumly işleriniň  rowaç bolmagyny arzuw etdiler. 

TSTP