Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ BINÝADY
    Şu gün...
  • BITARAPLYK GÜNI – HALKARA PARAHATÇYLYGYŇ, HOWPSUZLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BAÝRAMY

    Golaýda...

  • BITARAPLYK BAÝRAMY – PARAHATLYK AÝDYMY

    Şu gün...

  • DOGANLYK HALKLARYŇ ARASYNDA STRATEGIK HYZMATDAŞLYK

    Şu gün...

  • GELJEKKI TELEKEÇILER ÖNÜMÇILIK KÄRHANALARYNYŇ IŞI BILEN TANYŞDYRYLDY

    Hormatly...

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli

2022-nji ýylyň 30-njy  maýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Lebap welaýaty boýunça bölüminiň mejlisler jaýynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli akyldaryň goşgularyndan ugur alyp, döredijilik işi bilen meşgullanýan ýaş şahyrlaryň arasynda  “Magtymguly, sözle herne bileniň” atly döredijilik duşuşygy geçirildi. 

Duşuşykda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň meşhur türkmen danasy, akyldar, dünýä poeziýasyna gymmatly goşant goşan Magtymguly Pyragynyň 2024-nji ýylda 300 ýyllyk toýyny halkara derejesinde toýlamak barada çykaran Karary türkmen halkynda uly joşgun, buýsanç döretdi. Güneşli diýarymyzyň ähli ýerinde Jemşidiň jamyna deňelýän, paýhas ummany, akyldar şahyrymyz  Magtymguly Pyraga  bagyşlanan okuw maslahatlary, dabaraly çäreleri giň gerimde geçirilýär. Akyldar şahyrymyzyň goşgulary höwes bilen okalýar. Türkmen halky özüniň söýgüli şahyrynyň goşgularyny ähli döwürlerde hem okap, ondan nusga alypdyrlar. Dana şahyryň goşgulary adamy ruhlandyrýar,  kalbyňy tämizleýär,  olary okan adam akyl gämisinde ýüzen deý bolýar.  Magtymguly Pyragy öz halkyny jany-teni bilen söýen, hemişe olaryň aladasy bilen ýaşan şahyrdyr. Şahyryň goşgularynda  agzybirlik, watansöýüjilik, mertlik, arassa ahlaklylyk ussatlyk bilen beýan edilendir. Bu bolsa ýaş nesili edepli, arassa ahlakly,  watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, öwüt-ündew bermekde uly ähmiýete eýedir diýip belläp geçdiler hem-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga uly hormat sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömriniň uzak,  il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň  rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP