2022-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda “Belent akaba” hususy kärhanasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Garaşsyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň taryhy özgertmeleriniň hukuk binýady” atly maslahat geçirildi.
Bu maslahatda Garaşsyz, hemişelik Bitarap eziz Diýarymyzda goşa toý toýlanýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni agzybirlikde, jebislikde, ýokary ruhubelentlikde, ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen garşy alynýar. Bu iki mukaddeslik biri-biri bilen berk baglanyşyklydyr. Çünki her bir döwletde iň ýokary hukuk güýjüne, abraýyna mynasyp bolýan Konstitusiýa—Esasy Kanunymyz döwletiň içerki gurluşyny, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny we borçlaryny, şeýle hem döwlet häkimiýet we dolandyryş ulgamyny berkidýän bolsa, Döwlet baýdagymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny hem-de Bitaraplygyny kesgitleýän esasy döwlet nyşanlarynyň biri bolup, ol milletimiziň agzybirligini, mertebesini, Watanymyzyň buýsanjyny, baý taryhyny, bagtyýar şu gününi alamatlandyrýar. Garaşsyz ýurdumyzda adam döwletiň baş baýlygy hasaplanýar. Bu alada kanuny taýdan berkidilip, Türkmenistanda adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän konstitusion kadalar berjaý edilýär, umumadamzat bähbitli giň möçberli işler alnyp barylýar. Baş Kanunymyzyň rejelenen görnüşine adamy mertebeleýän täze hukuk kadalarynyň birnäçesiniň girizilmegini, halkymyz hakyndaky aladanyň öňküden-de güýçlendirilýändiginiň aýdyň mysaly hökmünde görkezmek bolar. Çünki döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşy güýçli depginler bilen ösýär, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda ýokary netije gazanylyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy barha gowulandyrylýar diýip belläp geçdiler.
Maslahata gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, belent tutumly işlerinde egsilmez rowaçlyklary arzuw etdiler.
TSTP