Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • WATANYMYZYŇ BEÝIK ÖSÜŞLERINE BAGYŞLANAN ÄHMIÝETLI MASLAHAT

    Şu gün...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BEÝIK IŞLERI – IL-GÜNÜMIZIŇ ABADANÇYLYGY

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ PARASATLY DAŞARY SYÝASATY – PARAHATÇYLYGYŇ WE ROWAÇLYGYŇ ÝOLY

    Şu gün...

  • HUSUSY TELEKEÇILIK — MILLI YKDYSADYÝETIŇ SÜTÜNI

    Türkmenistanyň...

  • ÝAŞLAR — RÖWŞEN GELJEGIMIZDIR

    Berkarar...

Ynsan saglygy iň uly gymmatlyk

2022-nji ýylyň 6-njy maýynda  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda “Täjir ýyldyzy”  hususy kärhanasy “Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny” giňden wagyz etmek maksady bilen, düşündiriş-wagyz çäresi geçirildi. 

Çykyşlarda: ýurdumyzda sagdyn durmuş-ýörelgesini berkarar etmek, adamzat jemgyýetine howply wehim salýan, halkyň genofondyna ýaramaz täsir edýän neşekeşlik ýaly möhüm meseleler durýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn hem berk bedenli bolup ýetişmegi üçin bedenterbiýe we sport hereketlerini has-da netijeli ýola goýulýar. Munuň aýdyň subutnamasy bolup ähli welaýatlarda we etrap merkezlerinde gurulýan halkara standartlaryň iň ýokary talaplaryna laýyk gelýän sport mekdeplerini görkezmek bolar. Bu ýaş nesillerimiz barada edilýän aladalaryň biridir diýip belläp geçidiler. Çärä gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimize Arkadagly Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.

TSTP