Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

Şöhratly Ýeňşiň şanyna

            2022-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Türkmenabat şäheriniň Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda  gazanylan Ýeňişiň 77 ýyllygy mynasybetli “Şöhratly Ýeňşiň şanyna” ady bilen Türkmenabat şäherindäki Beýik Watançylyk urşunyň muzeýine gezelenç gurnaldy.

           Bu muzeýi synlap, muzeý işgäriniň beren täsirli gürrüňlerini diňläp, aradan şunça ýyllar geçse-de ýer ýüzünde asuda asmanyň we parahat durmuşyň hatyrasyna başyny goýan millionlarça adamyň gahrymançylygy hakyndaky hakyda hemişelik saklanýandygyny duýýarsyň. Watanymyzyň azatlygyny, garaşsyzlygyny gorap saklan edermen, gaýduwsyz ata-babalarymyzyň şan-şöhraty halkymyzyň taryhyna girip, halkymyzyň edermen ogullary we gyzlary beýleki doganlyk halklar bilen bilelikde urşuň agyr synaglaryny başdan geçirip, gahrymançylygyň belent  nusgalaryny görkezdiler. Ýüreklere öçmejek ýaralar salan agyr synagly, azap-horlukly, jebir-jepaly uruş ýyllarynda tylda galan garrylar, aýal-gyzlar, çagalar “Ähli zat front üçin, ähli zat Ýeňiş üçin!” diýen ählihalk şygaryna eýerip, ýagty geljege, parahatçylyga we Ýeňşe bolan synmaz ynam bilen gije-gündiz zähmet çekdiler. Gazaply uruş ýyllarynda merdana pederlerimiziň — Watan goragçylarynyň söweşjeň edermenligi we ýanbermez gaýduwsyzlygy nesilleriň kalbynda şan-şöhratly ýatlamalar bolup müdimilik ýaşar.

 

TSTP