Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AWAZA FORUMY – ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BADALGASY

    Golaýda...

  • HALK BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

    Şu...

  • DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

    Şu...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞINIŇ, KUWWATYNYŇ GÖZBAŞY

    Ýakynda...

Sanly ulgam-milli ykdysadyýetimiziň özenidir

2022-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda “Hasar” hojalyk jemgyýetinde häzirki döwürde innowasion tehnologiýalaryň, ylmyň gazananlarynyň, sanly maglumatlaryň gündelik durmuşymyza giňden ornaşýandygy we jemgyýetçilik gatnaşyklaryň hem düýpli özgerýändigi sebäpli, sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak maksady bilen. “Sanly ulgam-milli ykdysadyýetimiziň özenidir”   atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. 

Çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan Watanymyzda uly ösüşler-özgertmeler gazanylýar. Esasanam bu günki günde telekeçilere, hususyýetçilere döredilýän mümkinçilikler esasynda ýurdumyzda işler barha ilerleýär. Hormatly Prezidentimiziň telekeçilere döwlet tarapyndan goldaw bermegi netijesinde, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hususy ulgamyň kuwwatyndan giňden peýdalanmak bilen birlikde dünýäniň tehniki ösüşi diňe öňe barýar. Döwür bilen aýakdaş gitmek üçin türkmen hünärmenleri Arkadagly Serdarymyzyň tabşyrygyny ýerine ýetirmek bilen, öz hususy sanly nusgasyny döretmäge ugur alyp, öňdebaryjy tejribeleri öwrenýärler we özleşdirýärler. Häzirki wagtda “san” bilen baglanyşykly iň bir çalt we düýpli özgertmeler söwdada, habar beriş serişdelerinde, senagatda bolup geçýär. Diýarymyzda sanlylaşdyrmagy ilerletmek we intellektual ulgamlaryň mundan beýläk işlemegini, olaryň özara we dünýä bilen aragatnaşyk saklamagyny üpjün etmek boýunça giň mümkinçilikler döredilýär diýip belläp geçidiler. 

Oňa gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimizi taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda hususyýetçiligiň ösdürilmegi ugrunda edýän uly tagallalary üçin ähli telekeçileriň adyndan köp sag bolsun aýtdylar we Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP