Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AWAZA FORUMY – ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BADALGASY

    Golaýda...

  • HALK BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

    Şu...

  • DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

    Şu...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞINIŇ, KUWWATYNYŇ GÖZBAŞY

    Ýakynda...

Sagdynlyk-döwletimiziň baş ýörelgesi

             2022-nji ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda  Türkmenabat şäherindäki 6-njy sport mekdebinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Sagdynlyk-döwletimiziň baş ýörelgesi” atly soprtuň küşt-şaşka görnüşi boýunça bäsleşik  geçirildi.

Bäsleşigiň açylyş dabarasynda çykyş edenler Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýakynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamanyň kabul edilmegi uly buýsançly waka öwrüldi.  Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sport sagaldyş, medeni-köpçülikleýin çärelere welaýatymyzda giň gerim berildi. Bu geçirilýän çäreler ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, sportuň meşhurlygyny artdyrmakda uly ähmiýete eýe bolar diýip belläp geçdiler. Çäre gatnaşanlar Hormatly Prezidentimize özleriniň hoşallyklaryny beýan etdiler. Bäsleşik örän gyzgalaňly ýagdaýda geçirildi, türgenler öz ussatlyklaryny, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Ýaryşda  ýeňiji bolanlara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. 

TSTP