Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • WATANYMYZYŇ BEÝIK ÖSÜŞLERINE BAGYŞLANAN ÄHMIÝETLI MASLAHAT

    Şu gün...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BEÝIK IŞLERI – IL-GÜNÜMIZIŇ ABADANÇYLYGY

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ PARASATLY DAŞARY SYÝASATY – PARAHATÇYLYGYŇ WE ROWAÇLYGYŇ ÝOLY

    Şu gün...

  • HUSUSY TELEKEÇILIK — MILLI YKDYSADYÝETIŇ SÜTÜNI

    Türkmenistanyň...

  • ÝAŞLAR — RÖWŞEN GELJEGIMIZDIR

    Berkarar...

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň telekeçileri

2022-nji ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda “Abraýly mebel” hususy kärhanasynda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, goldamak  şeýle hem hususyýetçilere döwlet tarapyndan döredilýän şertleri dogrusynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň telekeçileri” atly maslahat geçirildi. 

Maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň  halkymyz üçin edilýän bu ägirt uly işler bilen bir hatarda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen bir hatarda telekeçilik ulgamy giňden goldanylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň işewürleri, döwletimiz, Hormatly Prezidentimiz tarapyndan telekeçilere bildirilen ynamy ödemek maksady bilen, öz önümçiliklerine innowasion tehnologiýalary ornaşdyryp, öndürýän önümleriň görnüşlerini artdyryp, hilini ýokarlandyryp, azyk howpsuzlygynyň amala aşmagyna, bazarlarymyzda haryt bolçulygynyň üpjün edilmegi, harytlaryň bahalarynyň elýeterli bolmagyny gazanmaklyga öz goşantlaryny goşmak maksady bilen bäsleşige ukyply önümleri öndürip, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda, senagatda, oba-hojalygynda, gurluşykda, söwdada we hyzmatlar ulgamynda üstünlikli iş alyp barýarlar we ýokary netijeleri gazanýarlar diýip belläp Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, arzuw etdiler.

TSTP