Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

Türkmenistanyň Kanuny – hususy eýeçiligiň berk binýady

2022-nji ýylyň 9-njy  martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda “Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny giňden düşündirmek maksady bilen, “Türkmenistanyň Kanuny – hususy eýeçiligiň berk binýady” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şonuň ýalyda “Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynynda hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi öz agzalarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini beýan etmäge we goramaga, Türkmenistanyň telekeçiliginiň ösmegine goldaw berýän, eýeçiligiň hususy we gatyşyk görnüşi esasynda telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki we ýuridiki şahslary birleşdirýän jemgyýetçilik guramasy bolup durýar diýip belläp geçdiler hem-de ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmek üçin döredip berýän giň şertleri, ählitaraplaýyn goldawlary üçin Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç almagyny öz çykyşlarynda beýan etdiler. 

TSTP