Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AWAZA FORUMY – ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BADALGASY

    Golaýda...

  • HALK BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

    Şu...

  • DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

    Şu...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞINIŇ, KUWWATYNYŇ GÖZBAŞY

    Ýakynda...

Sungata sarpa

2022-nji ýylyň 25-nji fewralynda “Owadan ülke” hojalyk jemgyýetinde  dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny telekeçileriň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, duşuşyk geçirildi. Çykyşlarda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ägirt uly işler üstünlikli durmuşa geçirilip, ylym-bilimiň, ösen medeniýetiň ojagy hasaplanýan mähriban Diýarymyz bu gün ösüşiň ýolundan batly depginler bilen öňe barýar.  Mähriban Arkadagymyzyň türkmen medeniýetini arşa galdyrmakda, bütindünýä ýaýmakda taýsyz tagallalaryny eýerip gelýär. Ýaňy ýakynda bolsa Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Türkmen dutary ýagny “Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu bolsa bu günki günde Watanymyzyň baý medeni mirasyny gorap saklamaga we dikeltmäge uly itergi berer. Şeýle hem ýaşlarymyza geçmişimizi gaýdyp bermäge, açyp görkezmäge giň ýol açar diýip belläp geçdiler. Duşuşyga gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

TSTP