Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AWAZA FORUMY – ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BADALGASY

    Golaýda...

  • HALK BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

    Şu...

  • DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

    Şu...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞINIŇ, KUWWATYNYŇ GÖZBAŞY

    Ýakynda...

Bitaraplyk ösüşleriň binýady

2021-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda “Täçhil” hususy kärhanasynda “Bitaraplyk ösüşleriň binýady” atly maslahat geçirildi. 

Bu maslahatda çykyş edenler “Türkmenistan – Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan daşary syýasaty dogrysynda, Türkmenistan döwletimiz Baky Bitaraplygymyzyň 26 ýylynyň dowamynda dost-doganlygy berkitmekde, syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde ajaýyp üstünliklere eýe bolup, öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Munuň özi, jemgyýetimizde jebis sazlaşygyň emele gelmegine, raýatlarymyzyň aňyýetinde çuň özgerişleriň bolup geçmegine, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň hil taýdan täze derejelere göterilmegine getirdi. Ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýy has-da artyp, onuň sebitde we dünýäniň dürli yklymlarynyň döwletleri bilen hoşmeýilli gatnaşyklary özboluşly sazlaşyga eýe bolýandygyny belläp geçdiler. Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda hususyýetçiligiň ösdürilmegi ugrunda edýän uly tagallalary üçin ähli telekeçileriň adyndan sag bolsun aýtdylar we Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, arzuw etdiler.

TSTP