Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

Saglygym baş baýlygym

         2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda “Gujurly ýaşlar” hojalyk jemgyýetinde                                  ýurdumyzyň telekeçileriniň arasynda sagdyn-durmuş kadalaryny wagyz-nesihat etmek we giňden ornaşdyrmak maksady bilen, “Saglygym baş baýlygym” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu çärede çykyş edenler Mähriban Arkadagymyzyň adalatly we ynsanperwer syýasaty esasynda ähli ulgamlaryň ösmegini nazarlap uly möçberde çäreler görülýär, halkymyzyň abadan we parahat durmuşda ýaşap zähmet çekmekleri üçin müňlerçe iş orunlary döredilýär. Halkymyz üçin edilýän bu ägirt uly işler bilen bir hatarda halkymyzyň saglygyny goramak, sagdyn nesilleri ýetişdirmek, raýatlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek we ýaşlarymyzy sporta çekmek, bu ugurda gyzyklanýanlaryň sanyny artdyrmak we sporty ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzyň ähli künjegünde toplumlaýyn işler alnyp barylýar diýip bellediler. Çykyşlarda Mähriban Arkadagymyzyň atalyk aladalary üçin alkyş sözlerini aýtdylar.

TSTP