Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Dost-doganyň aýnasydyr

2021-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Telekeçi M.Amanowyň önümçilik kärhanasynda Mähriban Arkadagymyzyň “Açyk gapylar” syýasaty netijesinde dünýä ýurtlary we halklary bilen ýola goýlan dost-doganlyk gatnaşyklary, özara hyzmatdaşlyklar milli ykdysadyýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan ýurdumyzyň hususy pudagynda hem deňsiz-taýsyz ösüşleriň, özgerişlikleriň gazanylmagy we  dünýä ýurtlary bilen syýasy, ykdysady, medeni, ylym, bilim, söwda  we beýleki pudaklar boýunça hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy mynasybetli “Dost-doganyň aýnasydyr” atly maslahat geçirildi. Bu maslahatda hormatly Prezidentimiziň yzygiderli ýöredýän “Açyk gapylar” syýasaty bütin dünýäde giň goldawa eýe bolup, döwletleriň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary netijeli ýola goýmaklyga uly mümkinçilikleri açýar. Şeýle hem bu gatnaşyklar “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň hem ruhuna doly laýyk gelýär. Milli Liderimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän parahatçylyk söýüjilik, açyklyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasat strategiýasy özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň we netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmegine gönüden-göni ýardam berýär. Milli Liderimiz geljek üçin esasy wezipeleri kesgitläp, ýurdumyzyň içerki durnuklylygy hem-de syýasy ulgamyň mäkämligi, döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna demokratik ýörelgeleri tapgyrlaýyn ornaşdyrmagy bilen tapawutlanýandygymyzy belläp geçýär. Bu bolsa dünýä giňişliginde onuň eýeleýän ygtybarly ýörelgelerini, daşary ýurtlar bilen deňhukukly gatnaşyklaryny şertlendirýär.Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz  halkara meseleleriniň çözülmeginde hem Ýer ýüzüniň ençeme döwletleri bilen gatnaşyklarymyzy yzygiderli ösdürip gelýär diýip bellediler. Maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP