Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ BINÝADY
    Şu gün...
  • BITARAPLYK GÜNI – HALKARA PARAHATÇYLYGYŇ, HOWPSUZLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BAÝRAMY

    Golaýda...

  • BITARAPLYK BAÝRAMY – PARAHATLYK AÝDYMY

    Şu gün...

  • DOGANLYK HALKLARYŇ ARASYNDA STRATEGIK HYZMATDAŞLYK

    Şu gün...

  • GELJEKKI TELEKEÇILER ÖNÜMÇILIK KÄRHANALARYNYŇ IŞI BILEN TANYŞDYRYLDY

    Hormatly...

Beýik ynam bilen

2021-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň  mejlisler jaýynda ýurdumyzda telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň gatnaşmagynda “Beýik ynam bilen” atly maslahat geçirildi. Geçirilen bu maslahatda çykyş edenler öz çykyşlarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda türkmen telekeçileriniň ýeten beýik sepgitleri gazanan üstünlikleri buýsanmaga mynasypdyr diýip belläp geçdiler. 

Maslahatyň barşynda telekeçiler mundan beýläk hem  telekeçilik işiniň ilerlemegi, kanunçylygyň kämilleşmegi üçin öz tekliplerini aýtdylar, ara alyp maslahatlaşdylar hem-de bize şeýle mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag ömri uzak tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.   

TSTP