Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

Aýdyň maksat-aýdyň ýol

2021-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda birleşmäniň mejlisler jaýynda Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanan mejlisinde hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda şu ýubileý ýyl üçin kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmagyň üstünde yhlas bilen, tutanýerli zähmet çekmek maksady bilen “Aýdyň maksat-aýdyň ýol” atly maslahat geçirildi. 

Maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň  ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy sanly ykdysadyýetiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek, önümçiligiň depginli ösüşiniň  täze ýokary sepgitlere çykmaga mümkinçilik berer, ähli pudaklaryň kämilleşdirilmegi, dünýäniň iň oňat tejribesini, öňdebaryjy ylmy pikirleri we innowasion tehnologiýalary ulanmak bilen, şolaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy arkaly üpjün ediler diýip belläp geçdiler hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň  janynyň sag, ömriniň  uzak, tutumly işleriniň  rowaç bolmagyny arzuw etdiler. 

TSTP