Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda, Lebap welaýatynyň Maliýe - ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Ýurdumyzda geçirilýän Halkara forumlar dürli ýurtlaryň döwlet baştutanlaryny, halkara guramalarynyň wekillerini, alymlary hünärmenleri, hususyýetçileri we maýadarlary bir ýere jemleýär. Şeýle forumlaryň dowamynda häzirki döwrüň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar, öňdebaryjy tejribeler paýlaşylýar we geljegi uly tebigy gaz we beýleki energetika serişdeleri bilen bagly taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri öwrenilýär. Bu bolsa halkara hyzmatdaşlygynyň täze ugurlaryny açmaga, ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge we dürli pudaklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge oňaýly şert döredýär. Halkara forumlaryň yzygiderli geçirilmegi Türkmenistanyň ykdysady mümkinçiliklerini, ulag, logistika ulgamyndaky artykmaçlyklaryny, tebigy baýlyklaryny we amatly geografik ýerleşişini dünýä jemgyýetçiligine giňden tanyşdyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem bu çäreler milli önümlerimizi daşary ýurt bazarlaryna çykarmak, daşary ýurt maýadarlaryny çekmek we täze iş orunlaryny döretmek babatda hem möhüm ähmiýete eýedir.
Çäräniň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzyň halkara abraýyny belende göterýän, halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
TSTP