Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň hem-de Arkadag şäher «Energoönümçilik» birleşiginiň bilelikde guramagynda Gurluşyk we senagat işgärleriniň güni mynasybetli Arkadag şäheriniň gurluşyk toplumynda baýramçylyk çäresi geçirildi.
Ýurdumyzda Gurluşyk we senagat işgärleriniň hünär baýramy giňden bellenilýär. Gurluşyk we senagat pudagynda zähmet çekýän hünärmenleriň gazanýan üstünliklerini wasp etmek, ýurdumyzda alnyp barylýan ägirt uly gurluşyk-binagärlik işleriniň ähmiýetini ýaşlara ýetirmek hem-de hünär baýramyny ýokary derejede bellemek indi ýylyň-ýylyna asylly däbe öwrüldi.
Häzirki wagtda ýurdumyzda döwrebap şäherleriň, gurluşyk we senagat toplumlarynyň gurulmagy, bu ugurdaky hünärmenlere hemişe uly üns berilmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdýarys.
TSTP