Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • WATANYMYZYŇ BEÝIK ÖSÜŞLERINE BAGYŞLANAN ÄHMIÝETLI MASLAHAT

    Şu gün...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BEÝIK IŞLERI – IL-GÜNÜMIZIŇ ABADANÇYLYGY

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ PARASATLY DAŞARY SYÝASATY – PARAHATÇYLYGYŇ WE ROWAÇLYGYŇ ÝOLY

    Şu gün...

  • HUSUSY TELEKEÇILIK — MILLI YKDYSADYÝETIŇ SÜTÜNI

    Türkmenistanyň...

  • ÝAŞLAR — RÖWŞEN GELJEGIMIZDIR

    Berkarar...

WAGYZ - NESIHAT IŞLERI GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara Atçylyk akademiýasynyň bilelikde gurnamagynda talyp ýaşlaryň arasynda wagyz - nesihat işleri geçirildi. 

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda telekeçilik ulgamyny ösdürmek ugrunda üstünlikli işler alynyp barylýar. Eziz Diýarymyzda telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, häzirki zamanyň bazar gurallaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna hususy ulgamyň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyzyň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, türkmen hususyýetçiligine milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmakda, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde toplum emele getiriji ugurlaryň biri hökmünde garalýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda kiçi we orta işewürligi sazlaşykly ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin hukuk, syýasy, maliýe hem-de durmuş taýdan oňyn şertler döredildi. Ýurdumyzda hususy işewürligiň milli ykdysadyýetimizdäki orny barha artýar. Döwlet tarapyndan döredilýän şertlerden peýdalanyp, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen kärhanalarda öndürilen ýokary hilli, daşary ýurt bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň eksportyny yzygiderli artdyrmak arkaly halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde guwandyryjy netijeleri gazanýan türkmen hususyýetçileriniň üstünliklerini we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli alyp barýan döwlet syýasatyny giň jemgyýetçilige ýaýbaňlandyrmakda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzybir wekilleriniň hem mynasyp goşant goşýandyklaryny aýratyn bellemek gerek. Çünki Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň baş maksady halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmekden, ata Watanymyzyň gülläp ösüşine gönükdirilen durmuş ugurly syýasatyň amala aşyrylmagynda döwletiň ygtybarly kömekçisi bolmakdan ybaratdyr diýip belläp geçdiler. 

Şeýle hem Hususy ulgamy türkmen telekeçilerimizi goldap, barha ösdürýän, söwda işini amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleri, şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir! Goý Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösüşini üpjün etmek ugrunda alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin diýip özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

TSTP