Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň gurnamagynda partiýanyň mejlisler jaýynda «Milli Liderimiziň we Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty – durnukly ösüşiň binýady» atly maslahat duşuşygy geçirildi.
Maslahatda ýurdumyzda yzygiderli amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň jemgyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmekdäki möhüm ähmiýeti, şeýle hem milli ykdysadyýetimizi ösdürmekdäki gazanylan üstünlikler giňden beýan edildi.
Bu duşuşyk gatnaşyjylaryň jemgyýetçilik işjeňligini ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň ösüşine goşant goşýan döwletli işleri wagyz etmäge uly itergi berdi.
Maslahata gatnaşyjylar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan tagallalary üçin çäksiz sagbolsunlaryny beýan etdiler!
TSTP