Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • WATANYMYZYŇ BEÝIK ÖSÜŞLERINE BAGYŞLANAN ÄHMIÝETLI MASLAHAT

    Şu gün...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BEÝIK IŞLERI – IL-GÜNÜMIZIŇ ABADANÇYLYGY

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ PARASATLY DAŞARY SYÝASATY – PARAHATÇYLYGYŇ WE ROWAÇLYGYŇ ÝOLY

    Şu gün...

  • HUSUSY TELEKEÇILIK — MILLI YKDYSADYÝETIŇ SÜTÜNI

    Türkmenistanyň...

  • ÝAŞLAR — RÖWŞEN GELJEGIMIZDIR

    Berkarar...

SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk bilelikde gurnamagynda tegelek stolunyň başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. 

Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Berkarar  döwletiň täze eýýamynyň galkynyş döwründe türkmen atlarynyň sanyny köpeltmäge, geçmişdäki şöhratyny häzirki döwründe-de dabaralandyrmaga ähli mümkinçilikler berilýändigi,  milli buýsançymyz bolan ahalteke bedewlerine  uly üns we ähmiýet berilýändigi çäksiz buýsanç duýgusyny döredýändigi barada gürrüň etdiler. 

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy bedew bady bilen ösüşlere tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösüşini üpjün etmek ugrunda alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

TSTP