Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda telekeçi Kertikowa Mamajanyň «Ýörite geýimler merkezi» tikinçilik sehinde «Parahatçylyk we Bitaraplyk: Garaşsyz Türkmenistanyň halkara abraýy» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz parahatçylygyň, dost-doganlygyň, hoşniýetliligiň we ynsanperwerligiň mekany hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri parahatçylyk söýüjilik, myhmansöýerlik, agzybirlik we goňşy halklar bilen dostlukly gatnaşykda ýaşamak ýaly asylly häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Bu ajaýyp ýörelgeler häzirki döwürde ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Munuň şeýledigini şu günlerde geçirilýän halkara çäreleriň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar.
Çäräniň dowamynda il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli bimöçber aladalar etýän, telekeçilere yzygiderli goldaw hemaýat berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
TSTP