Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň, welaýatyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde gurnamagynda, ýörite düzülen meýilnama esasynda, Lebap welaýat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda, talyp ýaşlaryň we partiýa agzalarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» ady bilen geçirilýän bir aýlygyň çäginde, TSTP-niň Lebap welaýat komiteti, Lebap welaýat polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň Ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň gatnaşmaklarynda ýaşlaryň köçe ýol hereketiniň kadalarynyň talaba laýyk berjaý etmekleri barada yzygiderli wagyz-nesihat ýygnaklaryny geçirýändikleri bellendi. Şeýle-de jemgyýetimiziň baş baýlygy bolan adam hakyndaky aladany ähli zatdan ileri tutýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ugurdaky beýik ädimleri halkymyzyň saglygyny, rahatlygyny kepillendirýär diýip durlup geçildi. Her ýyl däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk hem milli Liderimiziň şu ugurdaky taýsyz tagallalarynyň miwesidigini, hut şol sebäpden hem, biraýlygyň çägindäki geçirilýän çäreleriň diýseň baý mazmuna eýe bolýandygy barada aýdyldy. Çäräniň dowamynda şeýle mümkinçilikleri döredip beren, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar hem-de janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
TSTP