Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • WATANYMYZYŇ BEÝIK ÖSÜŞLERINE BAGYŞLANAN ÄHMIÝETLI MASLAHAT

    Şu gün...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BEÝIK IŞLERI – IL-GÜNÜMIZIŇ ABADANÇYLYGY

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ PARASATLY DAŞARY SYÝASATY – PARAHATÇYLYGYŇ WE ROWAÇLYGYŇ ÝOLY

    Şu gün...

  • HUSUSY TELEKEÇILIK — MILLI YKDYSADYÝETIŇ SÜTÜNI

    Türkmenistanyň...

  • ÝAŞLAR — RÖWŞEN GELJEGIMIZDIR

    Berkarar...

MILLI AGZYBIRLIGIŇ WE BERKARAR DÖWLETLILIGINIŇ DABARASY

Golaýda Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň gurnamagynda «Halk Maslahaty: Watanymyzyň rowaçlygyny, halkymyzyň abadançylygyny nazarlaýan tutumlar» atly maslahat duşuşygy geçirildi. Maslahatyň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzda döwlet ähmiýetli meseleleriň halkyň wekilleri bilen maslahatlaşylyp çözülmegi jemgyýetimiziň jebisligini has-da pugtalandyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly «Halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýar». Berkarar döwletimiziň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn gülläp ösmeginde möhüm orun eýeläp, ata-babalarymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gelýän döwletlilik däplerini dabaralandyrýar diýip belläp geçdiler. Maslahatda çykyş edenler halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrýan, ýurdumyzy beýik ösüşlere alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize çuňňur alkyş we tükeniksiz sagbolsun bildirdiler.

TSTP