Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

GARAŞSYZLYK – ÄHLI ÜSTÜNLIKLERIMIZIŇ BINÝADY

Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäher komitetiniň gurnamagynda geçirilen «Garaşsyzlyk – ähli üstünliklerimiziň binýady» atly maslahat duşuşygy mukaddes özygtyýarlylygymyzyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny hem-de hususy pudagyň ösüşini üpjün edýän esasy binýatdygyny ýene bir gezek aýdyň tassyklady. Maslahatda Garaşsyzlyk ýyllarynda milli ykdysadyýetimiziň, esasan hem hususy ulgamyň gazanan beýik üstünlikleriniň döwletimiziň durnukly ösüşiniň özeni bolup durýandygyna aýratyn üns çekildi. «Akylly» Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda geçirilen bu çäre sebitde syýasy-jemgyýetçilik we telekeçilik başlangyçlarynyň barha artýandygyny görkezdi. Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzda hususy pudagyň hemmetaraplaýyn ösmegine, telekeçileriň täze zähmet üstünliklerine ruhlanmagyna we halkymyzyň parahat, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

TSTP