Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäher komitetiniň gurnamagynda geçirilen «Halk Maslahaty – halkyň agzybirliginiň we berkarar döwletliliginiň dabaralanmagy» atly maslahat ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm orun eýeledi.
Çykyş edenler her ýyl geçirilýän Halk Maslahatynyň ýurdumyzyň asuda, abadan ösüşini üpjün etmekde we halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedigini nygtadylar.
Maslahatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleriniň barşy barada giňişleýin durlup geçildi. Jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşan agzalara TSTP-niň Arkadag şäher komiteti tarapyndan dabaraly ýagdaýda ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Maslahatyň soňunda gatnaşyjylar ýurdumyzy ynamly ösüşler bilen öňe alyp barýan, halkyň agzybirligini we berkarar döwletliligimizi dabaralandyrýan Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize sagbolsun aýtdylar.
TSTP