Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

ARKADAG ŞÄHERI GELEJEGIŇ ŞÄHERI

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň, Arkadag gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde gurnamagynda Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen gurulup ulanylmaga berilmeginiň 3 ýyllygy mynasybetli «Arkadag şäheri geljegiň şäheri» atly Arkadag şäherini wasp etmek boýunça yglan edilen makalalar bäsleşiginiň jemi jemlendi şeýle-de ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler Arkadag şäherinde gazanylýan üstünlikler ýetilen belent sepgitler barada şeýle hem Arkadag şäheriniň ösüşi dünýä ülňülerine laýyk gelmegi halkara derejesinde birnäçe güwänamalara eýe bolmagy barada uly buýsanç bilen bellediler. Soňra Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komiteti tarapynda baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlara gymmat bahaly sowgatlar hem-de Hormat hatlary gowşuryldy. Dabara gatnaşyjylar ähli babatda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsunlaryny aýtdylar.

TSTP